Aşgabat
Täzelikler
71
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we beýleki milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. On iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, ylym-bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bu ulgamy kämilleşdirmek üçin anyk maksatlar we wezipeler öňde goýlan hem-de olary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Hut şoňa görä-de, milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, täzeçe pikir edýän alymlaryň neslini terbiýeläp ýetişdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek döwletimiziň özgertmeler syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde amala aşyrylýar. Bu aýdanlarymyzyň aýdyň alamaty bolsa Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II Halkara Matematika Olimpiýadasynda hem görmek bolýar.
Ýaňy ýakynda, has takygy, 22-nji aprelde Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdebinde Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II Halkara Matematika Olimpiýadasyna badalga berildi. Şahsy we toparlaýyn görnüşde geçiriljek bu halkara bäsleşige gatnaşmaga dünýäniň dürli ýurtlarynyň okuwçylary hem gatnaşýarlar. Bu olimpiadynyň netijelerini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek maksady bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Žurnalistika hünäriniň talyplary hem bu dabaranyň gatnaşdylar. Ýaş žurnalistler halkara bäsleşige gelen daşary ýurtly okuwçylar we olaryň mugallymlary bilen söhbetdeş bolup, ony teleýaýlym arkaly halk köpçüligine ýetirdiler. Daşary ýurtly mugallymlardyr talyplar öz ýürek buýsançlaryny beýan eden pursatlarynda owadan ýurdy görmäge, bu halkara bäsleşige gatnaşyp, ýaş matematikler bilen pikir alyşmaga zerur bolan ähli şertleri döredip beren hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.
Bularyň ählisi bolsa biziň ýurdumyzda döwrüň sesine ses goşýan, dünýäniň dürli dillerinde gürläp bilýän kärine höwesli hünärmenleriň kemala gelýändiginiň, olar üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýändiginden habar berýär.
Sülgün MYRATGELDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Bilimi dolandyrmak
taýýarlygy ugry boýunça magistratura maksatnamasynyň magistranty
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Takyk ulgam. Ähli hukuklar goralan. 2024