Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

MERT OGULLAR KYNÇYLYGY BILMEÝÄR, GAHRYMANLAR – BAKY DIRI, ÖLMEÝÄR

08.05.2025

154

MERT OGULLAR KYNÇYLYGY BILMEÝÄR,
GAHRYMANLAR – BAKY DIRI, ÖLMEÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Beýik Ýeňşiň her bir baýramçylygy ýaşlar üçin aýdyň we görelde alarlykly sapakdyr. Sebäbi şöhratly weteranlarymyza hormat goýmak we olaryň sarpasyny belent tutmak biziň mukaddes borjumyzdyr” diýen sözlerini okanyňda 1941-1945-nji ýylyň Beýik Watançylyk urşunyň kynçylyklary, jebir-jepalary, merdana pederlerimiziň faşizme garşy göreşde beýleki doganlyk halklar bilen deň-derejede görkezen gaýduwsyzlyklary, edermenlikleri gözümiziň öňünde aýdyň janlanýar. Watan gahrymanlarynyň ata Watany goramak ugrundaky görkezen edermenlikleri tutuş halkyň gahrymançylygy bolmak bilen müdimilik biziň hakydamyzdan çykmaz. Sebäbi olaryň geçen ömür we söweş ýollary nesiller üçin nusgalykdyr, ata Watany söýmegiň, ony goramagyň mertlik mekdebidir.

Ine, bu ýyl, ýagny “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda Beýik Ýeňşiň gazanylanyna 80 ýyl dolýar. Bu beýik sene mynasybetli Balkanabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebinde “Mert ýigitler kynçylygy bilmeýär, Gahrymanlar – baky diri, ölmeýär” atly uly çäre – “Açyk gapylar” güni geçirildi.

“Açyk gapylar” güni mynasybetli geçirilen çärä hemişekiler ýaly, mekdep kitaphanasy hem işjeň gatnaşdy. Ýagny çäräniň dowamynda mekdebiň kitaphanasynda okuwçylaryň gatnaşmagynda “Watan gerçeklerini hormatlan ogul” atly edebi-sazly sahna tomaşa edildi. Onda türkmenistanlylaryň hem müňlerçesiniň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşandygy, şolaryň arasynda ömrüni ýaş nesli okatmaga, bilim-terbiýe bermäge bagyşlan ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly, diýseň gysga, ýöne şan-şöhratly ömür ýoly beýan edilýän “Mugallym, esger, ilhalar ynsan” atly kitabyndan mekdep kitaphanamyzyň işjeň okyjylarynyň okap bermeginde bölekler, çeper okaýyşlar diňlenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynyň “Topraga tagzymyň özen-örki” bölümi boýunça mekdep kitaphanaçysy Gülşat Atajanowanyň eden çykyşy has-da tolgundyryjy boldy. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren gymmatly gollanmalarynyň biri bolan “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly kitabyndan Watan mukaddesligi dogrusynda Gahryman Arkadagymyzyň ýatlamalary hem okuwçylaryň labyzly okamaklarynda diňlenildi. Şeýle-de “Watanyň wepaly ogly” atly kitabynda ýerleşdirilen Mälikguly Berdimuhamedowyň “Köp ekeliň dänäni”, “Uruş bolmasyn”, “Ýeňiş biziňki bolar” atly goşgulary we beýleki görnükli şahyrlarymyzyň Watan, beýik Ýeňiş, edermenlik baradaky goşgulardyr, aýdymlary bu mekdebiň okuwçylary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Mugallymdyr, okuwçylaryň gatnaşmaklaryndaky pederlerimiziň görkezen edermenlikleriniň gaýduwsyzlyklarynyň şanyna, tylda galan ene-mamalarymyzyň çeken agyr zähmetleriniň hormatyna, Beýik ýeňşiň 80 ýyllyk şanly toýunyň hormatyna taýýarlanylan edebi-sazly kompozisiýa dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda ýer ýüzünde parahatçylygyň höküm sürmeginiň hatyrasyna, bizi parahatçylyk ýoly bilen alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, iliniň abat bolmagy arzuw edildi.

Azat Berdiýew,

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň

umumy orta bilim bölüminiň baş hünärmeni

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024