Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

2025-nji ýylyň dört aýynda Türkmenistanda JIÖ-niň ösüşi 6,3 göterim boldy

09.05.2025

66

2025-nji ýylyň dört aýynda Türkmenistanda JIÖ-niň ösüşi 6,3 göterim boldy

8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 4 aýyň jemine bagyşlanan Hökümet mejlisini geçirdi. Onuň ahyrynda döwlet Baştutany Hökümet agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurtda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim derejede durnukly saklanylýar. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň gurulmagy dowam edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýetiň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etmegiň, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyny nygtady.

Hökümet mejlisinde wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dört aýynda ýurtda jemi içerki önüm 6,3 göterim artyp, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,6, gurluşykda 4,4, ulag we aragatnaşyk pudagynda 11,1, söwdada 9,9, oba hojalygynda 4 we hyzmatlar ulgamynda 8,8 göterime deň boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024