Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Halkara nebit we gaz uniwersiteti

Türkmenistan – Fransiýa hyzmatdaşlygy täze üstünlikleriň kepili

09.05.2025

60

Türkmenistan – Fransiýa hyzmatdaşlygy täze üstünlikleriň kepili

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary “Altyn asyr” Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde 5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň ähmiýeti barada Tegelek stol söhbetdeşligini geçirdiler.

 Söbetdeşlige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory, Hormatly il Ýaşulusy Nurýagdy Suwhanow, uniwersitetiň mugallymy G. Meredow hem-de uniwersitetiň uly mugallymy, “Diller” kafedrasynyň müdiri Sona Yslamowa dagylar gatnaşdy. Söbetdeşligi Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy J. Sapargulyýewa alyp bardy.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň saparynyň dowamynda geçiren möhüm duşuşyklary, şol sanda dostlukly ýurduň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren gepleşikleriniň däp bolan hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça hil taýdan täze derejä çykarýandygyny buýsançly bellediler. Çünki bu sapar döwletara gatnaşyklaryň täze sahypasyny açdy. Gahryman Arkadagymyzyň saparyna gabatlap, Türkmen-fransuz ykdysady formy geçirildi. Bu çäre Fransiýanyň geljegi uly, durnukly ösýän türkmen bazarynda öz ornuny giňeltmäge gyzyklanma bildirýän işewür toparlaryň wekillerem gatnaşdy. Umuman, dostlukly döwletleriň arasynda baglaşylan Ähtnamalar döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Sapargulyýewa Jemal

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

uly mugallymy

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024