tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Halkara nebit we gaz uniwersiteti

“Gahrymanlar unudylmaýar”

09.05.2025

178

“Gahrymanlar unudylmaýar”

2025-nji ýylyň 7-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp  “Gahrymanlar unudylmaýar” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa uniwersitetiň halypa mugallymlary we talyplar gatnaşdylar. Baýramçylyk çäresinde edilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryk bermegi bilen ýurdumyz giňden bellenilýän Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralar, uruş wetaranlaryna we uruşda wepat bolanlaryň maşgalalaryna ýadygärlik sowgatlaryň gowşurulýandygy, uruş ýyllarynda türkmen esgerleriniň görkezen gahrymançylygy, tylda galanlaryň agzybirlik bilen çeken zähmeti barada giňişleýin gürrüň etdiler.

Gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlarynyň edermenligi baradaky çykyşlary ýaş nesillerde watançylyk gaýduwsyzlyk ýaly belent duýgulary döretdi.

Çäräniň ahyrynda asuda asmanymyz, bagtyýar durmuşymyz üçin janlaryny gurban eden gahrymanlarymyzy hatyralamagyň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri ýaňlandy.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetini

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz