Aşgabat
Täzelikler
100
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “GOŞMAÇA WE ÜZNÜKSIZ BILIM” okuw bölümi tarapyndan ÝAPON DILI BOÝUNÇA OLIMPIADA geçirilýär!
Bäsleşigiň maksady:
– ýaşlary ýapon dilini öwrenmäge höweslendirmek
– aýratyn zehinli öwrenijileri ýüze çykarmak
– ýapon medeniýetine bolan gyzyklanmany artdyrmak
Geçiriljek wagty: 2025-nji ýylyň 20-22-nji maýy aralygy
Geçiriljek ýeri: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň “Goşmaça we üznüksiz bilim” okuw bölümi
Tapgyrlary:
1. Test synagy (grammatika, söz baýlygy, kanji, diňlemek)
2. Gürrüňdeşlik (sorag-jogap, döredijilikli pikirlenme)
Olimpiadanyň ýeňijileri degişli Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglanar.
Olimpiadanyň düzgünnamasy barada dolulygyna aşakda berkidilen PDF faýly arkaly tanyşyp bilersiňiz.
Bäsleşige gatnaşmak üçin arzany aşakdaky görkezilen salgy boýunça 2025-nji ýylyň maý aýynyň 17-sine çenli tabşyrmaly:
Habarlaşmak üçin:
+99362067058
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024