Aşgabat
Täzelikler
114
2025-nji ýylyň maý aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Mary welaýat kazyýetiniň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylmagy hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa we Döwlet baýdagy mizemez mukaddeslikdir» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Mary welaýat kazyýetiniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy barada, Bitaraplyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler we Bitaraplygyň beren miweleri we onuň ähmiýeti dogrusynda, ýylyň nyşanyndaky her bir şekiliň aňladýan manysy dogusynda birnäçe çykyşlar diňlenildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024