Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Açyk gapylar güni geçirildi

10.05.2025

134

Açyk gapylar güni geçirildi

2025-nji ýylyñ maý aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “AÇYK GAPYLAR” güni geçirildi. Dabara 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp mekdep okuwçylary, şeýle hem harby gullugy tamamlaýan esgerler we önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar talyp durmuşyndan taýýarlanan wideorolik bilen tanyşdyryldy. Soňra bolsa institutda alnyp barylýan taslama işleri we  institutyň tejribehanalary we ylmy-önümçilik merkezi bilen giňişleýin tanyşdyryldy. Institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024