Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Hormatly Prezidentimiz sebitlerde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

13.05.2025

62

Hormatly Prezidentimiz sebitlerde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlarda gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işine guramaçylykly girişildi. Şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, pile möwsüminiň çäklerinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg etmek, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda bolsa ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk, sürüm işleri geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we pudagy durnukly ösdürmegiň, önümçilige täze tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, tohumlyk bugdaý hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024