Aşgabat
Täzelikler
98
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň maý aýynyň 13-ne Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Agzybirlik, parahatlyk - ösüşlere badalga” atly tegelek stolyň başyndaky aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Baş Kanunymyzy we Ýaşyl Baýdagymyzy Watanymyzyň Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ýörelgelerini, türkmeniň agzybirligini, dost-doganlyk gatnaşyklaryny wasp edýän birnäçe çykyşlar ýerine ýetirildi. Dabaranyň dowamynda “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymlar diňlenildi. Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024