Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklarydyr

14.05.2025

95

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklarydyr

2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklarydyr” atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.

Maslahatyň umumy mejlisinde uniwersitetiň professory N.Suwhanow Türkmen döwletiniň berkararlygyna, ýurdumyzyň ykdysady  kuwwatyna uly goşant goşjak inženerleriň täze neslini ýetişdirmek meselesi barada we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bilen ýurdumyz ykdysady, syýasy, sosial we medeni taýdan uly ädimler bilen öňe barýandygyny we bu meselede ýaşlara Hormatly Prezidentimiz tarapyndan uly ynam bildirilýändigini  belläp geçdi.  Soňra uniwersitetiň uly mugallymy G.Saparowa Konstitusiýamyz we baýdagymyz – bagtyýarlygyň nyşanlarydygyny belläp, ýurdumyzyň bitaraplygynyň, döwlet baýdagynyň taryhy ähmiýetliligi barada çykyş etdi. Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň mizemez mukaddeslikleri barada uniwersitetiň mugallymlary M.Kullaýewa, M. Kakalyýew öz çykyşlarynda buýsanç bilen belläp geçdiler.

Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy halkymyzyň gadymylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan gymmatlyklardygyny, nyşanlarda ýerleşdirilen aýyň, ýyldyzlaryň, gölleriň, bugdaýyň we birnäçe şekilleriň bolmagynyň aňyrsynda çuňňur manyly taryhlaryň ýatandygyny belläp geçdiler. Işjeň ýagdaýda geçen maslahatda çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.

Ylmy-maslahata gatnaşyjylar dünýäde parahatçylygy  pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, bolmagyny arzuw etdiler.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024