Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Aba Annaýew adyndaky  Halkara atçylyk akademiýasy

MASLAHAT GEÇIRILDI

14.05.2025

62

MASLAHAT GEÇIRILDI

Häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda belent sepgitlere ýetilýär hem-de buýsançly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Oba hojalyk pudagynda, şol sanda maldarçylykda gazanylýan her bir üstünligiň aňyrsynda ilkinji nobatda yhlasyň we döredijilik zähmetiniň durandygyny bellemek gerek.

2025-nji ýylyň 13-nji maýynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda “Oba Hojalyk mallarynyň ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni alyş çärelerini kämilleşdirmek” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň professor-mugallymlary we talyplary, Döwlet Weterinariýa gullugynyň hünärmenleri, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hünärmenleri hem-de sanly ulgam arkaly onlaýn görnüşde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Çykyşlarda ýurdumyzyň weterinariýa gullugynyň täze mümkinçilikleri, öňünde duran wezipeleri, oba-hojalyk mallarynyň keselleri we onuň öňüni alyş çäreleri, atlarda döräp biljek keselleriň öňüni almakda geçirilýän çäreler hem-de bu ugurlary ylmy taýdan öwrenmegiň ähmiýeti hakynda giňişleýin bellenilip geçildi.

Maslahatyp ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmäge, ýurdumyzyň oba-hojalyk pudagyny ylmy taýdan öwrenmäge ähli zerur şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Nuryýew Alp-Arslan, Aba Annaýew

adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň

talyby

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024