Aşgabat
Täzelikler
98
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň kitaphanasynyň guramagynda ýokary okuw mekdebiniň iş meýilnamasyna laýyklykda, işjeň talyplaryň we mugallymlaryň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa – baky bagtym, ýaşyl baýdak – täji-tagtym» atly edebi-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan bütin dünýäde yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda uludan toýlanýan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramy, türkmeniň ýaşyl Tugunyň beýik taryhy hakynda gyzykly söhbetler edildi. Söhbetleriň arasynda höwesjeň talyplaryň ýerine ýetirmeklerinde halkymyzy, Watanymyzy, Döwlet baýdagymyzy, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän aýdymlar bu duşuşyga özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletimiziň Baş Kanuny bolmak bilen, her bir raýatymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili bolup hyzmat edýär. Biziň asuda, demokratik ýol bilen erkin ösýän ajaýyp Watanymyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygaryň esasynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň esasy maksady raýatlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny doly üpjün etmekden ybarat bolup durýar. Ýurdumyzyň esasy sütünleri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligini, gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen deňäp bolmaz diýip, çykyş edenler öz söhbetlerinde nygtap belläp geçdiler.
Döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.
Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar sözleriniň ahyrynda ata Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan ýaşyl baýdagymyzyň hemişe pasyrdap durmagynyň şanyna ýurdumyzyň goşa mukaddesligi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyp, tüýs ýürekden gutladylar hem-de Watanymyzyň güllemegi, halkymyzyň eşretli durmuşda asuda, parahat ýaşamagy ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň, amala aşyrýan beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Oguljahan Merişowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň kitaphana müdiriniň w.w.ý.ý.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024