Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

14.05.2025

59

Türkmenistan «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Urumçi şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatyndaky bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy.

Habarda bellenilişine görä, 12-nji maýda geçirilen duşuşykda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň dowamynda taraplar gatnaşyklary institusional görnüşde pugtalandyrmak, mugallymlaryň tejribesini kämilleşdiriş maksatnamalaryny ýola goýmak, bilelikdäki ylmy gözlegleri alyp barmak we hünärmenleri taýýarlamak baradaky tagallalary utgaşdyrmak ýaly meseleler boýunça pikir alyşdylar. Bilelikdäki laboratoriýalary we ylmy-barlag merkezlerini döretmek bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Bu barada uza.uz saýty habar berdi.

Duşuşygyň jemleri boýunça bilim ministrleriniň duşuşygynyň mehanizminiň Tertipnamasy hem-de «Urumçi jarnamasy» kabul edildi. Bu resminamalar hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki esaslaryny we ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýar.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024