Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Dabaraly maslahat geçirildi

15.05.2025

95

Dabaraly maslahat geçirildi

2025-nji ýylyň maý aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi bilelikde guramaklarynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Parahatlyk dost-doganlyk dillerimiziň senasy» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň wekilleri gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň ähmiýetini giňişleýin düşündirdiler. Soňra bolsa institutyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeň talyp ýaşlaryň ýerine ýetirmeklerinde Watanymyzy, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara tomaşa edildi. Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtýarlar.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024