Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Litwa Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

16.05.2025

67

Litwa Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

15-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi.

Bellenilişi ýaly, duşuşykda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň barşynda ilçi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegine, halkyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalary we toplumlaýyn özgertmelery bilen tanyşdyryldy.

Diplomat Mejlisiň düzümi we ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen hem tanyşdyryldy. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.

Ilçi dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024