tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
Innowasiýa Maglumat merkeziniň
Merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
bedew batly at-myradyň mekany

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi

16.05.2025

283

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Daşary işler, Bilim ministrlikleri, syýasy partiýalar we jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň hukuk kepili, Döwlet baýdagy — halkara parahatçylygyň nyşany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guraldy.

Ylmy-amaly maslahata Mejlisiň deputatlary, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, ýurduň syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, alymlar, professor-mugallymlar, şeýle hem ýaşlar gatnaşdylar.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň eýwanynda ýurduň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Bu ýerde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we kitaplaryň sergisi-de guraldy.

Umumy mejlisden soňra, ylmy-amaly maslahat öz işini bölümçelerde dowam etdi.

Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Mejlisi

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

Salgymyz