Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanyň Milli pawilýony «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde

16.05.2025

66

Türkmenistanyň Milli pawilýony «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde

Tatarstan Respublikasynyň paýtagtynda dowam edýän «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde ýurdumyzyň Milli pawilýony gatnaşýar.

Türkmenistanyň Milli pawilýony ýurdumyzyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň pawilýonynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç – energetika, himiýa, azyk, ýeňil, hususan-da, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri we beýleki önümler görkezilýär. Önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de sanly ulgama geçilmegi netijesinde ýurdumyzyň elektron senagaty okgunly ösýär. Bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlarynyň dürli görnüşleri arkaly giňden görkezilýär.

Türkmenistanyň pawilýonynda halkymyzyň täsin medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilýär. Görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda meşhur türkmen halylary we ajaýyp şaý-sepler bar. Zehinli türkmen halyçylarynyň we zergärleriniň elleri bilen döredilen bu ajaýyp önümler gözelligi we inçeligi bilen tutuş dünýäde meşhurdyr.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024