Aşgabat
Täzelikler
116
2025-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň guramagynda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebinde mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsüminiň şadyýan günleriniň gujagyna dolmagynyň öňüsyrasynda olaryň boş wagtlarynda okamagy-öwrenmegi dowam etdirmegi üçin, gyzykly kitaplaryň dünýäsine syýahata çagyrýan, okamaga höwesi ösdürýän çäreleriň toplumyndan «Şadyýan tomus» atly giň mazmunly, uly göwrümli kitap sergisi geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan çykan eserleri, çeper eserleri, milli mirasymyzyň iň gyzykly baýlygy bolan türkmen halk ertekilerini, dürli ugurlara degişli edebiýatlary okamagy wagyz edýän, mekdep kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen bilelikde guralan kitap sergileri, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» söwda birleşiginiň kitap dükanlary tarapyndan guralan kitap-satuw sergisi bu çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmeniň ak öýüniň bir ganatynda ýerleşdirilen türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň şekilleri, dürli reňklere baý milli mirasymyzyň el iş nusgalary bilen bezelen sergi has-da özüne çekiji boldy.
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň başlangyç synp okuwçylarynyň asuda Watanymyzy, okamak-öwrenmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän tagallalaryny, kitap okamaga bolan söýgülerini beýan edip, okap beren labyzly goşgulary sergä tomaşa edýänlerde juda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Şäherimiziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň kitaphanaçysy Maral Gapurowanyň ýolbaşçylygynda bu çärä gatnaşan mekdep okuwçylarynyň hem dürli eserlerden bölekleri, goşgulary labyzly okap bermegi myhmanlaryň alkyşyna mynasyp boldy, bu çärä gatnaşyjylaryň gursaklaryny guwançdan doldurdy.
Sergä gatnaşan Arkadag, Aşgabat şäherleriniň mekdep kitaphanaçylary üçin hem bu çäre özara tejribe alyşmagyň aýratyn görelde alarlyk nusgasy boldy.
“Mugallymlar gazeti” gazetiniň, “Güneş” žurnalynyň redaksiýalarynyň işgärleri sergä gatnaşyjylar bilen söhbetdeşlikleri ýazgy edip, ajaýyp pursatlary beýan ediji suratlary düşürdiler. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Ýaşlyk” teleýaýlymy hem bu gyzykly sergi, çäre barada teleýazgy etdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024