Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

17.05.2025

66

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz we dostlukly ýurduň Baştutany birek-biregi mähirli mübärekläp, iki ýurduň arasynda yzygiderli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berdiler.

Prezident Wladimir Putin “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşandygy üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlap, Kazanda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ilerledilýär. Ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan jogapkärli döwlet işlerinde üstünlikleri, Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halklaryna bolsa abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024