Aşgabat
Täzelikler
528
2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ygrarlydyklaryny nygtap, dürli ugurlar boýunça iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň wajyp meselelerine garadylar.
Şol bir wagtyň özünde ministrler ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem köptaraplaýyn düzümleriň çäginde geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024