Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde neşir edildi

14.06.2025

494

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde neşir edildi

2025-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde A/79/894–S/2025/255 belgisi bilen alty dilde çap edildi.

Ýüzlenmede gatnaşyjylar ilatynyň ep-esli böleginiň 30 ýaşa ýetmedik ýaşlardan ybaratdygy bilen baglanyşykly Merkezi Aziýadaky demografiki diwidendi belläp geçýärler. Şu nukdaýnazardan gatnaşyjylar ýaşlaryň mümkinçiliklerini durnukly ösüşe, ekologiýa hyzmatdaşlygyna we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanmagyna goşant goşmaga çagyrýandyklaryny bellediler.

Duşuşyga gatnaşan ýaşlar parahatçylyk, durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydyklaryny belleýärler. Olar BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2250-nji Kararynyň taryhy ähmiýetini we ýaşlaryň parahatçylygy berkitmekdäki ornuny aýratyn nygtaýarlar.

Ýüzlenmede 2025-nji ýylyň Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly hökmünde yglan edilmeginiň möhümdigi we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň sebitiň durnuklylygyna goşandy aýratyn bellenilýär. Ýaşlar ýaşyl ösüş, sanly diplomatiýa, jemgyýetçilik başlangyçlary bilen işjeň gatnaşmaga we 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçiriljek forumda çykyş etmäge taýýardyklaryny nygtaýarlar.

Duşuşyk BMG-niň EKOSOS ýaşlar forumynyň çäklerinde geçirildi we BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2250 belgili "Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk" kararnamasynyň kabul edilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlandy. Forum "Parahatçylyk we ynanyşmak üçin ýaşlaryň sesleri" diýen şygar astynda guralyp, 43 ýurduň wekilýetleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygyna gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi BMG-niň resminamasy hökmünde neşir edilmegi Türkmenistanyň döredijilikli halkara başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024