Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistan we BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­ bilelikdäki okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­rederler

14.06.2025

408

Türkmenistan we BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­ bilelikdäki okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­rederler

13-nji iýunda Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­nde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry H.Gel­di­my­ra­dow Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän de­giş­li se­bit­le­ýin tas­la­ma­nyň ikin­ji tap­gy­ry­nyň çäk­le­rin­de Aş­ga­bat şä­he­rin­de we we­la­ýat­la­ryň 6 et­ra­byn­da ýer­leş­ýän, şu mi­nistr­li­giň ga­ra­ma­gyn­da­ky zäh­met we ila­tyň iş üp­jün­çi­lik bö­lüm­le­rin­de okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da ýaş­la­ra de­giş­li hü­när okuw­la­ry­ny geç­mek ar­ka­ly ola­ryň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni gi­ňelt­mä­ge we beý­le­ki mak­sat­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li tek­lip hö­dür­le­nil­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri bi­len kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len BMG-niň Ösüş mak­sat­na­ma­sy­nyň ara­syn­da ama­la aşy­ryl­ýan se­bit­le­ýin tas­la­ma­nyň çäk­le­rin­de okuw-mag­lu­mat mer­kez­le­ri­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky tek­li­bi ma­kul­lap, wi­se-prem­ýe­re de­giş­li iş­le­ri ge­çir­me­gi tab­şyr­dy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024