Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Snapchat döredijileri täze AR-äýneklerini tanyşdyrdy

14.06.2025

398

Snapchat döredijileri täze AR-äýneklerini tanyşdyrdy

Snapchat messenjeri bilen tanalýan Snap kompaniýasy goşmaça hakykat (AR) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan täze äýneklerini satuwa çykarmaga taýýarlyk görýär. Ilkibaşda 2021-nji ýylda Spectacles ady bilen hödürlenen bu enjamlar — Apple Vision Pro-nyň göni bäsdeşi hökmünde — döredijileriň bellemegine görä, indiki 5–10 ýylyň dowamynda smartfonlar ýaly giňden ýaýran enjam bolmalydy.

The Verge neşiriniň habaryna görä, Snap bu akylly äýnekleriñ täzelenen görnüşini 2026-njy ýylda bazara çykarmagy meýilleşdirýär. Enjamyň takyk tehniki häsiýetnamalary entek aýan edilmedik hem bolsa, içerki çeşmeler 2021-nji ýylyň synag modeline garanyňda ep-esli ösüşleriň bardygyny belleýärler.

Snap kompaniýasynyň baş direktory Ewan Şpigeliň sözlerine görä, täze modeliň ahyrky ady diňe “Specs” bolar. Bu täze görnüş prototipden has inçe, has amatly we ýeňil bolupdyr. Şeýle hem äýnekleriñ görüjilik meýdany has giňeldilipdir, bu bolsa VR-grafikanyň linzalaryň has uly bölegini tutmagyna we has güýçli aralaşma täsirini döretmegine mümkinçilik berýär.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024