Aşgabat
Täzelikler
403
Türkmenistanyň ýaş wekilleri Los-Anjelesdäki Kaliforniýa uniwersitetinde geçirilen abraýly Halkara XCEL olimpiadasynda ajaýyp üstünlik gazandylar. 2025-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen onlaýn saýlama tapgyryndan geçen türkmen mekdep okuwçylary ýokary taýýarlyk derejesini görkezmegi başardylar. Olar dürli ylym we tehnologiýa ugurlary boýunça altyn, kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp boldular.
XCEL olimpiadasy — bu köpugurly bäsleşik bolup, onuň maksady ylmy-tehniki ugurlar (STEM: ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) boýunça ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamakdyr. Bäsleşigiň halkara derejesinde geçirilmegi dünýäniň dürli künjeklerinden ýaş alymlaryň tejribe we pikir alyşmagy üçin aýratyn mümkinçilik döredýär. Şeýle-de, dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Kaliforniýa uniwersitetinde geçirilmegi bu ýaryşyň ýokary derejesini görkezýär.
Türkmen okuwçylary ImdatBot bilim merkezi bilen Türkmen-Hindi merkezine wekilçilik edip, dört esasy ugur boýunça bäsleşdiler. Olaryň arasynda matematika we kognitiw ylymlar — adam aňynyň işleýşi we emeli aň babatda çuňňur düşünmäni talap edýän täze ugur — aýratyn bellärliklidir. Şeýle-de, okuwçylar robototehnika, sungat we dizaýn boýunça ýokary netijeleri görkezmegi başardylar.
Robototehnika boýunça geçirilen bäsleşikler aýratyn täsirli boldy. Türkmen okuwçylary tarapyndan döredilen akylly enjamlar basgançakdan çykmak, ýükleri daşamak ýaly kyn wezipeleri ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Olar diñe bir taslamalaryny eminleriñ hem-de tomaşaçylaryň öňünde iňlis dilinde görkezmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň işleýşini hem üstünlikli görkezmegi başardylar. Bu bolsa olaryň ýeňşini üpjün eden baş faktorlaryň biri boldy.
Halkara eminler topary türkmen gatnaşýanlarynyň taslamalarynyň täzeligini we tehnologik kämilligini ýokary baha bilen belledi. Ýaş türkmen zehinleri diňe bir altyn medallara däl, eýsem aýratyn ugurlar boýunça baýraklara hem mynasyp boldular. Bu baýraklar, adatça, täze çemeleşmeleri we amaly taýdan ulanylyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan taslamalara berilýär. Bu bolsa olaryň üstünlikleriniň örän ýokary derejededigini görkezýär.
Dartgynly bäsleşikden we sylaglamak dabarasyndan soň, ýeňijiler üçin Hollywood we attraksionlar seýilgähi boýunça gezelençler guraldy. Bu bolsa olaryň Los-Anjelesde geçiren wagtlaryny ýatdan çykmajak pursatlara öwürdi. Türkmen mekdep okuwçylarynyñ Halkara XCEL olimpiadasyndaky üstünlikleri ýurdumyzdaky bilim maksatnamalarynyň ýokary derejesini, ýöriteleşdirilen okuw merkezleriniň netijeliligini we, iň esasysy, ýaş nesliň uly höwesini görkezýär. Bu bolsa olaryň Türkmenistanyň buýsanjyna öwrülendigini aýdyň görkezýär.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024