Aşgabat
Täzelikler
223
Belli bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 12-13-nji iýunynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahaty geçirildi.
Halkara ylmy maslahatyň açylyşy 2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetinde Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlagy bilen açyldy.
Şol gün Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy
işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklaryň gowşurylyş dabarasy
we Ylymlar güni mynasybetli medeniýet, sungat ussatlarynyň we talyp ýaşlaryň baýramçylyk konserti bu dabara uly öwüşgin berdi.
Halkara ylmy maslahatyň Maksatnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit
we gaz uniwersitetinde “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika” atly I bölümi öz işine başlady.
Bu bölümiň işine Sidorow-Birýukow Dmitriý (Serbiýa) we Amaniýazow Ýakupgeldi (Türkmenistan) ýolbaşçylyk etdiler we kätibiň işini Hoşdurdyýew Hakberdi (Türkmenistan) alyp bardy.
I bölümiň işinde jemi 139 doklad bilen çykyş edildi we olaryň 21-si Azerbaýjan, Belarus, Türkiýe, Özbegistan, Hytaý Halk Respublikasy, Eýran, Russiýa, Serbiýa, Pakistan, Daniýa, Ukraina we Katar ýaly ýurtlaryň alymlarydyr.
Edilen çykyşlar boýunça sorag-jogaplaryň köplügi bu ylmy maslahatyň oňa gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen kabul edilendiginiň aýdyň şaýadydyr.
Olara Ali Lariniň (Katar) “Fotoelektrik energiýasynyň çykyş kuwwatynyň hakyky wagtdowamynda monitoringi hem-de çaklamasy üçin nanotor
ulgamyny işläp düzmek we ornaşdyrmak”, Guosýun Çeniň (Hytaý)
Artemisia argyi ösümliginiň aşgarly suwuklyk bilen ýuwlan
hem-de ýuwulmadyk ter we näzik baldaklarynyň hem-de
ýapraklarynyň howpsuzlyklarynyň deňeşdirmesi”, Boris Gorelowyň (Ukraina) “Doksorubisiniň uglerod nanoturbajyklary bilen özara täsirleşmesiniň kwant-himiki hasaplamalary”, Aziz Ibragimowyň (Özbegistan) ”2-gidroksi-5-nitrobenzoik kislotasynyň täze bir we iki ýadrolyýkobalt goşundylary: sintezini, häsiýetlerini, biologik işjeňligini hem-de mehanizmlerini öwrenmek”, Mirabbos Hujamberdiewiň Daniýa) “Ýaşyl wodorod almak maksady bilen suwy Günüň kömegi bilen bölmek üçin geçiş metallarynyň oksinitridleri”, Usama Bin Perweziň (Pakistan) “Wodorod esasyndaky “ýaşyl” utgaşykly energiýa ulgamlarynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy we howpsuzlygy”, Nikolaý Koçetow (Belarus)
Ylym, dynç alyş, maşyngurluşyk ugurlary boýunça türkmenbelarus hyzmatdaşlygy hakynda” Gylyçmämmet Orazowyň (Türkmenistan) ”Çalt gaýtalanýan impulsly oýandyrmada fotorefraktiw kristallarda golografiki gözenekleriň ösüş tizliginiň lazer intensiwligine baglylygy barada”, Muhammetberdi Gurbanowyň
“Alunidi toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalary”
Annadurdy Rahmanowyň “Göni galtaşma esaslanan ýylylyk çalşyjylaryň täze görnüşli dolduryjy gatlagynyň derňewi”, Begli Gurbangeldiýewiň “Goýun ýüňünden holekalsiferol D3 witaminini almagyň innowasion tehnologiýasy”, Hallymyrat Ataýewiň “Gidromineral çig mallary gaýtadan işlemekde faza diagrammalaryny ulanmagyň ähmiýeti”, Akjagül Saparowanyň “Ýurdumyzyň himiýa senagatynyň döwrebap ösüşleri”, Ogulsapar Aşyrowanyň
“Ýerli çig mallaryň esasynda ýyladyşhanalar we ekerançylyk üçin
toplumlaýyn baýlaşdyrylan “seolitli gumat” dökün serişdelerini
öndürmegiň mümkinçilikleri” atly çykyşlar we beýlekiler degişlidir.
«Berkarar döwleti täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen “Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika” atly I bölüminde çykyş edenleriň hemmesi şular ýaly halkara derejesinde ylmy maslahatlary geçirmeklige döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk bildirdiler we olaryň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny we il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024