Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Nýu-Ýorkly alym okuw sapagyny geçirdi

18.06.2025

541

TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Nýu-Ýorkly alym okuw sapagyny geçirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Fulbright» alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni, doktor Melda Ýyldyzyň Aşgabada iş saparynyň çäklerinde institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda STEM (ylym, tehnologiýa, inženeriýa we matematika) ugurlary boýunça «Ýokary bilimde sanlylaşdyrma, IT we emeli aň» atly okuw sapagy geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berdi.

Onuň dowamynda okatmagyň STEM ulgamynyň bilim ulgamynda ulanylmagynyň aýratynlygy we onuň bilimi sanlylaşdyrmakda emeli aň bilen bilelikde peýdalanylmagy barada giňişleýin gürrüň berildi. Hünärmeniň aýtmagyna görä, geljekde STEM-iň goruna döredijilik elementleriniň goşulmagy şahsy oýlap tapyşlary — oýun enjamlaryny, şeýle hem mümkinçiligi çäkli bolan adamlar üçin durmuşy ýeňilleşdirýän enjamlary döretmegi aňsatlaşdyryp biler. Şol bir wagtyň özünde döredijilik hünärleri, köplenç, ylmy maglumatlara daýanýarlar: sazandalar we saz gurallaryny öndürijiler akustika, materiallaryň ses geçirijiligi, kompozitorlar aýdym ýazanda matematiki ýörelgeleri ulanýarlar. Şeýle taslama esasly okatmak usullary ýaş nesliň bilime bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrýar. STEM taslamalary ýaşlara diňe bir teoriki bilimi däl, eýsem, amaly başarnyklary hem öwredýär.

Mundan başga-da, STEM taslamasy esasynda ýokardaky ugurlardan başga-da, sungat bilen baglanyşykly goşmaça düzüm böleklerini öz içine alýan STEMM, STEAM we STREAM programmalary döredildi. STEMM goşmaça ugur hökmünde aýdym-sazy öz içine alýar, STEAM-da sungaty (Art) öwrenýärler, STREAM-da bolsa edebiýat esasy ugurlaryň hataryna goşulýar.

Okuw sapagynyň soňunda talyplar özlerini gyzyklandyran soraglara giňişleýin jogaplary aldylar.

Şeýle-de myhman üçin institutyň çäginde gezelenç guraldy. Myhman türkmen diplomatiýasynyň taryhy muzeýi, «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO kluby, türkmeniň ak öýi we institutyň okuw studiýasy bilen tanyşdyryldy.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024