Aşgabat
Täzelikler
581
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Mejlisler zalynda 2024-2025-nji okuw ýylynda uniwersiteti tamamlaýan uçurumlaryň soňky jaň dabarasy geçirildi. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaşlaryň müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.
Uçurymlar üçin bilim alan ojagy bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly we şatlykly wakalara utgaşmak bilen birlikde, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny, beýik ynamdan ruhlanyp, täze açyşlara giň ýol açylýandygyny alamatlandyrýar. Okuw ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurlarda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň saglygy, terbiýesi, bilimi, ýokary intellektual mümkinçilikleri baradaky aladany esasy ugur edinýän durmuş syýasaty netijesinde, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmaga ukyply ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bolşy ýaly, daşary ýurt döwletleriniň bilim edaralarynda hem bilim almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda pugta binýady bolan milli bilim ulgamy döredildi. Oňa täzeçil usullar işjeň ornaşdyrylýar, okuw maksatnamalary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, okuw kitaplarydyr gollanmalar many-mazmun taýdan baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda ýaş hünärmenleriň hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna we täzeçil tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarmaklaryna möhüm üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin milli bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady maksatnamalaýyn esasda pugtalandyrylýar. Meýilnamalary amala aşyrmak, Aziýa, Ýewropa we Amerika yklymlarynyň öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, ýaşlar Watanymyzyň beýik geljegini gurýan nesillerdir. Il-günümiziň hem-de bütin adamzadyň bagtyýarlygyna gönükdirilen belent maksatlarymyza ýetmekde ýaşlara aýratyn bil baglanýar. Şoňa görä-de, ýaşlar durmuş ýolundaky indiki täze ädimlere has aýgytly we ruhubelentlik bilen gadam basmalydyrlar, eziz Watanymyzyň, halkymyzyň bähbidi ugrunda okamak, döretmek bilen hemişe öňe gitmelidirler.
Dabara gatnaşan uçurymlar, olaryň ene-atalary, bilim işgärleri ýokary okuw mekdebini tamamlaýan ýaşlara gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler. Uçurymlar hem bilim-terbiýe beren mugallymlaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Okuw ýyllarynda dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, döredijilik we çeper höwesjeňleriň gözden geçirilişlerinde çykyş edenlere, tapawutlanan diplomlar bilen okuwyny tamamlaýan uçurumlara uniwersitetiň rektory tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
Dabaralara gatnaşyjylar ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek baradaky ägirt uly aladalary, işlemäge, okamaga, ýokary bilimli, täzeçil pikirlenýän, maksada okgunly ýaş nesilleriň kemala gelmegine, olaryň ukyp-başarnyklarynyň, döredijilik mümkinçilikleriniň amala aşyrylmagyna ähli zerur şertleriň döredilendigi üçin döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024