Aşgabat
Täzelikler
574
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Fulbright” alyş-çalyş maksatnamasynyň hünärmeni doktor Melda Ýyldyz tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary üçin “Ýokary bilimde sanlylaşdyrma, IT we emeli aň” temasy boýunça okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagy Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Maglumat tehnologiýa merkeziniň mejlisler zalynda geçirilip, oňa Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Melda Ýyldyz öz çykyşynda öz ýurdunda ylym-bilim ulgamynda ýaşlykdan emeli aň we onuň bilen baglanyşykly düşünjeleriň orta mekdebinden berlip başlanandygy, nebitgaz hem-de energetika ugrunda sanly tehnologiýalary babatda dünýä belli kompaniýalaryň we ýerli kärhanalaryň gatnaşmaklarynda emeli aň we onuň bilen baglanyşykly tehnologiýalaryň ýokary depginde ornaşdyrylandygy, bu işleriň bolsa ýokary netije berip başlandygy barada giňişleýin gürrüň berdi.
Melda Ýyldyzyň çykyşyndan soň uniwersitetiň mugallymlary we talyplary okuw sapagy bilen bagly gyzyklandyrma döreden soraglaryny berdiler, Melda Ýyldyz olaryň ählisine doly düşündirişli jogaplaryny berdi. Okuw sapagyň soňunda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary uniwersitetimize gelip, çykyş edendigi üçin ýokary derejeli myhmana köp sag bolsun aýtdylar. Melda Ýyldyz duşuşyk üçin uly minnetdarlygyny bildirdi.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024