Aşgabat
Täzelikler
592
2025-nji ýylyň 17-nji iýunynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroşi Sasaki bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Ilçi Hiroşi Sasaki uniwersitetiň ýolbaşçylaryna “Nippon” gaznasynyň Ýaponiýanyň ykdysadyýeti, medeniýeti we edebiýaty baradaky iňlis dilinde ýazylan tanyşdyryş kitaplaryň onlarçasyny dabaraly ýagdaýda sowgat hökmünde gowşurdy. Ýaponiýa barada gyzykly maglumatlary özünde jemleýän bu kitaplar uniwersitetiň kitaphanasynda we okalga zalynda ýerleşdirildi. Uniwersitetiň rektory sowgat berlen kitaplar üçin hormatly Ilçä köp minnetdarlyk bildirip, talyplaryň bu kitaplary gyzyklanma bilen okajakdyklaryny belledi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Hiroşi Sasaki uniwersitetiň kitaphanasy we okalga zallary bilen ýakyndan tanyşdy. Soňra Ilçi uniwersitetiň Nebit we gaz fakultetinde ýerleşýän Geologiýa muzeýine we DRILL SIM-5000 buraw türgenleşik enjamly tejribehanasyna baryp gördi. Uniwersitet bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Ilçi minnetdarlyk bildirdi.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024