Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seminar geçirildi

19.06.2025

618

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde seminar geçirildi

ABŞ-nyň Nýu-York tehnologiýa institutynyň bilim ylymlarynyň doktory hanym Melda Ýyldyz Türkmenistana eden iş saparynyň çäginde Halkara ynsanperwer we ylymlary ösüş uniwersitetine baryp gördi. Saparyň birinji bölümi, bilim ulgamyny okatmagy we dolandyrmagy sanlylaşdyrmak, bilimde emeli aňy, okuw platformalary we bilim tehnologiýalary we şuňa meňzeş mowzuklar bilen baglanyşykly uniwersitetiň fakultetleri bilen sööhbetdeşlikden ybaratdy.

Hanym Melda Ýyldyz şeýle hem talyplar üçin “Bilimi sanlaşdyrmak, maglumat tehhnologiýasy we emeli aň” mowzugy boýunça seminar geçirdi. Bu seminar häzirki zaman bilim ulgamynda STEM tehnologiýasyny ulanmaga gönükdirildi. Bu seminara STEM dersleri - ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika boýunça ýöriteleşen uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdy. Duşuşykda STEM usulyýetlerini bilim ulgamynda ulanmagyň häzirki zaman çemeleşmeleri, sanly çözgütleri we emeli aňy ornaşdyrmakdaky ähmiýeti ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, emeli aň (EA) döwrebap bilimiň iň möhüm meselelerini çözmek, okatmak we öwrenmek tejribesine innowasion usullary girizmek we DÖM-e ýetmekde ösüşi çaltlaşdyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi emeli aňyň (EA) çalt ösmegi bilim pudagyna möhüm täsir edýär. Çäräniň ahyrynda, gatnaşyjylar sorag bermäge we ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklar barada jikme-jik düşündiriş almaga mümkinçilik aldylar. Şeýle hem, seminara gatnaşyjylar gyzykly we manyly çykyş üçin hanym Melda Ýyldyza minnetdarlyk bildirdiler. Halkara hünärmenler tarapyndan yzygiderli geçirilýän seminarlar öz gezeginde türkmen talyplarynyň bilimlerini artdyrmaga giň mümkinçilikleriniň we başarnyklarynyň artmagyna täsir edýändigi mälimdir.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024