Aşgabat
Täzelikler
607
Maglumat we kommunikasion tehnologiýalaryň häzirki zaman ösýän derejesi hem-de innowasion tehnologiýalaryň adamzadyň işjeňliginiň ähli taraplaryna edýän örän uly täsiri «Maglumat-kommunokasion we innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw dersini girizmegi şertlendirdi. Umumybilim berýän mekdeplerde bu dersiň öwrenilmegi okuwçylary maglumat jemgyýetindäki ýaşaýyş-durmuşa amaly taýdan taýýarlamaga gönükdirilendir.
Ýaňy-ýakynda umumybilim berýän orta mekdepleriň rus dilinde okadylýan XII synpy üçin döwrebap «Maglumat-kommunikasion we innowasion tehnologiýalar» atly täze okuw kitaby neşir edildi (awtorlary: M.Çüriýew, D.Çaryýewa, M.Annaýew – A.: Türkmenistanyň döwlet neşirýat gullugy).
Okuw dersiniň esasy mazmunyny maglumat prosesleri we sistemalary hakynda bilimleriň elementleri, maglumat we kommunikasion tehnologiýalary dürli ulgamlarda peýdalanmak başarnyklary düzýärler.
Bu okuw kitabynda okuw dersiniň mazmuny şeýle yzygiderlikde açylyp görkezilýär: maglumat we maglumat prosesleri; kompýuter-maglumat tehnologiýalary; kommunikasion tehnologiýalar; maglumat howpsuzlygy; innowasion tehnologiýalar.
Okuw kitabyndaky maglumatlar «Maglumat-kommunikasion we innowasion tehnologiýalar» atly dersiň öz öňünde goýýan wezipeleriň yzygiderligine laýyklykda degişli baplara bölünen. Okuw kitabynda maglumat sistemalarynyň we tehnologiýalaryň esasy düşünjelerine we funksional aňlatmalaryna, kommunikasion tehnologiýalaryň gurluşynyň esasy ýörelgelerine, dürli simsiz tehnologiýalaryň işiniň düzgünlerine seredilipdir. Ýokarda ýatlanan tehnologiýalary özleşdirmek bilen hatarda okuwçylara olary howpsuz peýdalanmagyň başarnyklary öwrenmäge, kompýuter we sanly ulgamlarda dürli daşky we içki hüjümleriň öňüni almak boýunça ilkibaşlangyç çäreleri kabul etmäge, şeýle hem hüjümleri tanamagy we ýüze çykarmaga mümkinçilik dörediler.
Okuwçylarda öwrenen materiallaryny berkitmek we amaly endiklerini ösdürmek üçin bu okuw kitabynda bilimiňi barlamaga we zerur amaly işleri ýerine ýetirmäge, ýagny tejribede alan bilimiňi peýdalanmaga mümkinçilik berýän degişli soraglar ýerleşdirilipdir.
Ýurdumyzda ylmy-tehniki bilimiň ösmegine hemişe aýratyn üns berýän hem-de maglumat-kommunikasion we innowasion tehnologiýalar ugrundan kämil hünärmenleri taýýarlamaga ajaýyp şertleri döredýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024