Aşgabat
Täzelikler
630
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hünärmenleriň täze neslini taýýarlap ýetişdirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli ylym-bilim ulgamynyň has-da ösmegi, kämilleşmegi ugrunda alada edýän hormatly Prezidentimiziň kabul dýän maksatnamalarynda bilim ulgamyna hem aýratyn orun degişlidir. Ýurt Baştutanymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan il-ýurt bähbitli çözgütleri ýurdumyzda ylym-bilimiň dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesine laýyk gelmegini üpjün edýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ösen tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmak arkaly ylym-bilim pudagynyň ösdürilmegi, halkara gatnaşyklary esasynda daşary ýurt dillerini öwretmegi bilim işgärleriniň öňünde goýlan uly borç hökmünde amala aşyrylýar.
Ýokary bilimli dilçi, terjimeçi hünärmenleri taýýarlamakda ýaňy-ýakynda neşir edilen «Arap diliniň fonetikasy» okuw kitabynyň (awtory: G.Gurbannazarowa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025) uly ähmiýeti bar. Talyplara öwrenýän hünär dili bolan arap diliniň häzirki zaman fonetik kadalaryny öwretmekde bu kitaba aýratyn orun degişlidir.
«Arap diliniň fonetikasy» okuw kitaby ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arap dilini hünär dili hökmünde öwrenýän talyplar we arap dilini öwrenmek isleýän beýleki okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. Bu kitap talyplara arap elipbiýiniň seslerini we özboluşly aýratynlyklaryny öwretmek maksady bilen okuw maksatnamasy esasynda taýýarlanylypdyr.
Bu kitap taýýarlanylanda awtor türkmen dilçileriniň ýazan gollanmalaryna, arap diliniň fonetikasy bilen baglanyşykly dürli daşary ýurtly alymlaryň işlerine salgylanypdyr. Kitapda arap diliniň fonetikasy boýunça maglumatlar, kadalar, tekstler we gönükmeler ýerleşdirilipdir.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024