Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistan we Azerbaýjan köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

20.06.2025

520

Türkmenistan we Azerbaýjan köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

Ýakynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň bilelikde guramagynda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň köpugurly hyzmatdaşlygy: gazanylan üstünlikler we geljekki mümkinçilikler” atly halkara ylmy-amaly simpozium geçirildi.

Simpoziuma Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Şarifow, Halkara gatnaşyklary boýunça seljeriş merkeziniň başlygy F.Şafiýew, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew, Türkmenistanyň Azerbaýjandaky Ilçisi G.Elýasow, Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň deputaty we Türkmen-Azerbaýjan Parlamentara dostluk toparynyň azerbaýjan böleginiň ýolbaşçysy T.Rustamhanly, şeýle hem ýerli deputatlar, bilermenler we habarçylar gatnaşdylar.

Çykyş edenler dünýädäki häzirki geosyýasy çylşyrymly ýagdaýda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara gatnaşyklarynda parahatçylygy, sebitleýin we ählumumy howpsuzlygy, şeýle hem durnuklylygy berkitmekdäki ornuny we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara diplomatiýasyny alyp barmak üçin netijeli gural bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024