Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Ýaş žurnalistler üçin gollanma

20.06.2025

618

Ýaş žurnalistler üçin gollanma

Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Žurnalistika kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Agamyrat Mämmedowyň “Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasy neşir edildi.

Köpýyllyk žurnalistik we mugallymçylyk iş tejribesine esaslanyp taýýarlanylan gollanma bu awtoryň žurnalistiň döredijilik işiniň özenini düzýän ugurlar: maglumaty gözlemegiň, saýlap-seçmegiň, seljermegiň we hemmetaraplaýyn akyl ýetirmegiň, döredijilik taýdan gaýtadan işlemegiň usullary ýaly ugurlar boýunça bilimleri bermeklik göz öňünde tutulan “Žurnalistikanyň döredijilik işiniň esaslary”, “Žurnalistiň döredijiliginiň usulyýeti”, şeýle hem, bazar şertlerinde hereket edýän köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti, menejmenti we marketingi boýunça maglumatlar ýerleşdirilen “Habar beriş serişdeleriniň ykdysadyýeti we menejmenti” hem-de redaksiýalaryň hereket etmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolan mahabat işiniň düýp manysy, onuň aýratynlyklary hem-de guralyşy bilen baglanyşykly maglumatlar ýerleşdirilip, mahabatyň ähmiýetine, onuň görnüşlerine we serişdelerine häsiýetnama berilýän “Mahabatyň esaslary” ýaly ozalky okuw kitaplarynyň üstüni ýetirdi.  

“Ýaş žurnalistiň döredijilik mekdebi” atly okuw gollanmasynyň türkmen halkynyň    Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň žurnalistika barada aýdan birnäçe parasatly pähimleri bilen başlanmagy kitabyň gymmatyny has-da artdyrýar.      Makalalaryň žanrlar toparlaryna gysgaça düşündiriş berilmegi, interwýu alnyşy, makalanyň ýazylyşy, makalany tiz ýazmagyň ýollary, žurnalistiň tekstiniň redaktirlenişi, gazet neşirleriniň žanrlary we başgalar barada maglumatlaryň ýerleşdirilmegi talyplaryň bu ugurdaky bilimlerini has-da pugtalandyrmaga ýardam berer.

Gollanmanyň “Žurnalistika hakynda söz”, “Tejribeli žurnalistlerimizden ýaşlara peýdaly maslahatlar” bölümleriniň, şeýle-de gollanmanyň awtorynyň metbugat çykyşlarynyň onlarçasynyň žanrlar toparlary boýunça bölünip berilmegi-de  hünär kämilligi babatda ýaşlar üçin ähmiýetli bolup durýar.                       

Ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäri boýunça bilim alýan talyplary, şol sanda bu ugurdan ders berýän mugallymlary üçin niýetlenilen we ýurdumyzyň habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän başlangyç žurnalistler üçin-de peýdaly bolup biljek bu kitabyň ýaşlaryň öz köpgyraňly hünärlerini kämil özleşdirmekleri üçin peýdaly gollanma boljakdygyna, “Halypa-şägirt” ýörelgesinde öz mynasyp ornuny eýelejekdigine umyt bildirýäris.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024