Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Halkara hyzmatdaşlygy netijesinde talyplary daşky gurşaw howpsuzlygy babatynda bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar

20.06.2025

636

Halkara hyzmatdaşlygy netijesinde talyplary daşky gurşaw howpsuzlygy babatynda bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Türkiýe Respublikasynyň Ýokary okuw guramasynyň müdüriýetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde we Türkiýe Respublikasynyň Çanakkale Onsekiz Mart uniwersitetiniň we Türk Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (TIKA) goldawy bilen 2025-nji ýylyň 31-nji martyndan 25-nji maýy aralygynda “Daşky gurşaw dostlugy okuw moduly” atly onlaýn okuwlar gurnaldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem bu 40 sagatlyk okuwa işjeň gatnaşyp, ony üstünlikli tamamladylar we degişli şahadatnamalara mynasyp boldular. Bu gurnalan onlaýn okuwy hünär ussatlygyny ösdürmekde we iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde möhüm ädimdir. Bu başlangyç bilim we tejribe alyşmaga kömek etmek bilen, talyplaryň bilelikdäki ylmy-gözleg taslamalaryna gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri hem açýar.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024