Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

20.06.2025

642

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalary bilen duşuşyk geçirildi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda myhmana ýokary okuw mekdebiniň taryhy, gurluşy, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri barada giňişleýin maglumat berildi.

Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti öz gezeginde ýokary okuw mekdebinde mähirli garşylanandygy üçin iň gowy arzuwlaryny we minnetdarlygyny bildirdi. Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň we ösdürmegiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy. Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti, degişli ugurlar boýunça Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny mälim etdi we bu ugurda zerur çäreleriň görüljekdigini belläp geçdi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl Kent döwlet uniwersiteti we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Bu Ähtnama bilelikdäki ylmy-barlag işlerini, bilim maksatnamalaryny, talyp alyş-çalyşlary we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny göz öňünde tutulýar.

Resmi duşuşykda soň, hormatly myhmanlar üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hereket edýän «Parahatçylyk, ynanyşmak –ynsanperwerligiň we ösüşiň binýady» atly ÝUNESKO klubyna, şeýle hem «IUHD HUB» atly talyplar merkezine gezelenç guraldy.

Elbetde, bu duşuşyk, halkara bilim platformasynda oňyn hyzmatdaşlygyň we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysallaryň birisi boldy.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024