Aşgabat
Täzelikler
590
2025-nji ýylyň iýun aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. Baýramçylyk mynasybetli muzeý gymmatlyklarynyň, ylmy we taslama işleriniň sergisi gurnaldy. Dabaranyň dowamynda institutyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli birnäçe söhbetdeşlikler hem geçirildi. Soňra bolsa institutyň “Kuwwat” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde Watanymyzy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlara we tanslara tomaşa edildi. Dabara gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024