Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

23.06.2025

410

Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesini aýratyn bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebitara meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý we bu ugurda ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça pikir alyşdylar.

Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň yglan etmeginde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan üç gezek Bitaraplyk derejesi ykrar edilen döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara işlerinde işjeň we konstruktiw orny eýeleýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýermek bilen, Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy diplomatik serişdeleriň we usullaryň iň giň toplumyny ulanmak arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlik dostlukly we konstruktiw häsiýete eýe boldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024