Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

Russiýanyñ Döwlet kitaphanasynda türkmen diliniñ ösüşi barada umumy sapak geçiriler

24.06.2025

587

Russiýanyñ Döwlet kitaphanasynda türkmen diliniñ ösüşi barada umumy sapak geçiriler

Türkmenistanyň medeni-köpçülikleýin özgerişleri bilen baglanyşykly häzirki zaman türkmen diliniň ösüşi — 26-njy iýunda Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň Gündogar edebiýaty merkezinde geçiriljek umumy sapagyñ baş temasy bolar. Bu çäre türkmen diline diňe bir aragatnaşyk serişdesi hökmünde däl, eýsem ýurdumyzda bolup geçýän ähli özgerişleriň janly aýnasy hökmünde hem garamaga mümkinçilik berer.

Umumy sapagy Russiýanyň DIM-niň MHGDI-siniň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynyň dilleri kafedrasynyň dosenti, filosofiya ylymlarynyň kandidaty, belli türkmen dili mugallymy Maýa Gylyjowa geçirer. Onuň çykyşy soňky onýyllyklarda Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm wakalaryň edebi we gepleşik dili çygryndaky giň göwrümli sosiologik we lingwistik gözlegleriniñ netijelerine esaslanýar.

Belli bolşy ýaly, jemgyýetiñ durmuşynda bolup geçýän syýasy, ykdysady we durmuş üýtgemeleri dile täsir edýär. Bu özgerişler arkaly islendik jemgyýetçilik prosesleri seljerip bolýar. Bu barlaglar Türkmenistanyñ baý taryhynyñ we çalt depginde ösýän häzirki gününiñ onuñ dilinde şöhlendirilişine has çuñ düşünmäge mümkinçilik berýär.

Şeýle ylmy çäreler diñe bir Türkmenistan bilen Russiýanyñ arasynda akademiki aragatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermän, eýsem türkmen diliniñ we medeniýetiniñ daşary ýurtda wagyz edilmeginde esasy orun tutýar. Russiýadaky türkmen diasporasy, sebiti öwrenýän tapyplar, diplomatlar we derñewçiler üçin bu ilkinji elden çuñlaşdyrylan bilimleri almaga, öz taryhy dogduk mekany bilen aragatnaşyk duýmaga ajaýyp mümkinçilikdir.

Şeýle umumy sapaklaryñ Russiýanyň Döwlet kitaphanasy ýaly öňdebaryjy ylmy we medeni merkezlerde geçirilmegi Merkezi Aziýa we Türkmenistana, şeýle hem olaryň medeni we dil mirasyna bolan gyzyklanmanyň artýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa halklaryň arasyndaky dialoga we özara düşünişmäge uly goşant goşýar.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly