Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Innowasiýa maglumat merkezi

Öý üçin niýetlenen teksturaly çap edýän "eufyMake E1" 3D printer döredildi

07.07.2025

135

Öý üçin niýetlenen teksturaly çap edýän "eufyMake E1" 3D printer döredildi

Anker kompaniýasynyñ golçur brendi eufyMake, täze eufyMake E1 UV-printeri üçin öňünden sargytlary açdy. Bu enjam aprel aýynda Kickstarter platformasynda ilkinji gezek görkezilip, takmynan 47 million dollar maýa goýumary toplady. Indi bolsa ony resmi web sahypasynda satyn alyp bolýar.

eufyMake E1 — bu 300-den gowrak materiallarda çuñlugy 5 mm bolan ýokary hilli 3D teksturalary çap edip bilýän stoluň üstünde ýerleşdirilýän UV-printerdir. Ol agaç ýa-da deriniň ýüz gurluşy ýaly taktil effektleri döretmäge mümkinçilik berýän Amass3D tehnologiýasyny ulanýar, bu bolsa dizaýn we el işleriniň höwesjeňleri üçin ajaýyp saýlawdyr. Printer 1440 DPI ýokary çözgütli çap, takyk reňk geçirişini üpjün edýär hem-de suw geçirmeýän UV syýa ulanýar.

Enjam dört çap tertibini goldaýar: tekiz, mini-tekiz, aýlawly we 10 metre çenli uzynlykda. Şeýle hem, suratlar bilen işlemek üçin programmada emeli aň (AI) gurallary bilen üpjün edilendir. Printer bilen bilelikde 20 000 taýýar nusga üçin bir ýyllyk abuna hem hödürlenýär.

Öňünden sargyt edenlere ak reňkli UV syýasynyň mugt gaplary we aksessuarlar üçin arzanladyş berilýär.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly