Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tk
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Täzelikler

Sanly bilim

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

07.07.2025

140

«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň iýun aýyndaky sany okyjylara ýetirildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürlediler.

Çagalary goramagyň halkara güni bilen başlanýan aýa bagyşlanan hut şu şanly senä bagyşlanan «Çagalaryň sesi – dünýäniň şatlygy» atly makala bilen açylypdyr. «Juwan köňülleriň ylham joşguny» atly çykyş geçen aýda geçirilen «Talyp joşguny – 2025» atly döredijilik festiwalyna bagyşlanypdyr. 

«Arkadag şäheri – geljegiň şäheri» atly makalada, adyndan hem belli bolşy ýaly, ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäheriň waspy edilýär. Şäheriň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmanynyň çykyşynda şäher we onuň saglyk sahawaty barada gürrüň edilýär.

«Döwrüň belent ösüşleriniň binýady» atly makala Ylymlar gününe bagyşlanypdyr. Neşirdäki taryhy makalalaryň tapgyry «Geçmiş – geljegiň berk binýady» atly çykyş bilen dowam etdirilýär. Neşiriň täze sanynyň ahyrky sahypalarynda ýerleşdirilen welosipediň taryhy baradaky çykyş täsirliligi bilen ünsi özüne çekýär. Elektron neşiriň täze sany «Tomus – çagalaryň söýgüli pasly», «Pyrtykally şerbet» atly çykyşlar we «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň täze ýeňijisi baradaky maglumat bilen jemlenýär.

neutrality.gov.tm

Meňzeş habarlar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly