Aşgabat
Täzelikler
51
7-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Iş maslahatynda ilki welaýatlaryň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.
Şeýle-de häkimler Türkmenistany 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyldaky hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany şeýle-de häkimlere şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer T.Atahallyýew hem ýurduň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Hasabatda Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleriniň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişiniň dowam edýändigi, onuň gögeren ýerlerinde ideg işleriniň geçirilýändigi barada-da aýdyldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze suwaryş ulgamlaryny gurmaga, tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutany wise-premýere ýurtda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini, bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýyldaky hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda alnyp barylmagyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly