Aşgabat
Täzelikler
48
2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň Daşary işler we halkara gatnaşyklary ministri Lejone Mpotjoane bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara meýdançalarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.
Şeýle hem ministrler Deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji Konferensiýasyna (LLDC3) görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly pikir alyşdylar.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly