Täzelikler
527
Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda zähmet ýeňişleri gazanylýar. Döwletiň ösüşi boýunça gazanylýan netijeleri ýokarlandyrmak köp derejede önümçilik esasyň doly döwrebaplaşmagyna, kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we ykdysady ösüş ýollarynyň dogry saýlanyp alynmagyna baglydyr. Ykdysady ösüşiniň depgininiň ýokarlanmagy ilkinji nobatda ýurdumyzyň geljegi bolan talyp ýaşlaryň zehinine, ukyp-başarnygyna we bu ugurdan bilimine esaslanýar. Ýaşlaryň arasynda telekeçiligi ösdürmek we innowasiýa taslamalaryna höweslendirmek maksady bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti tarapyndan bilelikdäki “Agro-startup” meýdançasy döredildi. 2025-nji ýylyň 8-nji iýulynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Agro-startup” meýdançasynyň çäklerinde “Işewürlik meýilnamasynyň düzülişi” atly onlaýn seminar okuwy geçirildi. Çykyşlarda biznes meýilnamalary taýýarlamak, startaplaryň hukuk taýdan resmileşdirilmegi, intellektual eýeçiligi goramak, marketing we satuw meseleleri boýunça işleri nähili alyp barmalydygy hakynda şeýle hem ýaşlaryň telekeçilik medeniýetini ösdürmek hakynda giňişleýin bellenip geçildi.
Çykyş edenler milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge, ýaşlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamaga döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ýoldaşow Guwanç,
Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň
talyby
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.