Täzelikler
783
Bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen, şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklary özünde jemleýär.
Ýaňy-ýakynda ýokary okuw mekdepleri üçin «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» okuw kitaby (awtorlary: L.Annamyradowa, G.Gajyýewa – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2025. 198 sah.) neşir edildi. Okuw kitabynyň maksady talyplara bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti dersi boýunça bilim bermekden, sport başarnyklaryny gazanmakdan, ösdürmekden, kämilleşdirmekden, olarda geljekki bedenterbiýe mugallymynyň hünär derejesiniň endiklerini kemala getirmekden ybarat.
Okuw kitaby girişden, sekiz sany bapdan, peýdalanylan edebiýatlaryň sanawyndan durýar. Okuw kitabynda, esasan, bedenterbiýäniň nazaryýetiniň we usulyýetiniň umumy esaslary, bedenterbiýäniň maksady we serişdeleri, bedenterbiýäniň usulyýeti, bedeni terbiýelemegiň usullary, bedenterbiýe sapaklarynyň görnüşleri, bedenterbiýe sapaklaryny meýilleşdirmek we olara gözegçilik etmek, ýaş aýratynlyklarynyň bedenterbiýesi, bedenterbiýäniň görnüşleri boýunça gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz sagdyn durmuş ýörelgesini amala aşyrmakda ählimize nusgalyk mekdebi bolup durýar. Biz olaryň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ugrunda döredip berýän mümkinçilikleri, hemaýat-goldawlary üçin köp sagbolsun aýdýarys.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň
okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.