Täzelikler
794
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň I ýyl talyplary nazaryýetde alan bilimlerini önümçilik bilen utgaşdyrmak, şeýle hem tejribelikde berkitmek maksady bilen 2025-nji ýylyň iýun aýynyň 15-den iýul aýynyň 19-y aralygynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän ykdysady ulgama degişi bolan maliýe we ykdysadyýet pudaklarynda, salgyt gulluklarynda, bank ulgamlarynda “Ykdysady tejribeliklerini” dowam edýärler. Talyplar tejribeligiň dowamynda alan bilimlerini amal edip, ukyp başarnyklaryna laýyklykda, geljekde hünäri boýunça zähmet bazarynda öz ornuny tapmaga ýeňillikleri döretýärler. Ykdysady ulgama degişli pudaklaryň işini kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak geljekki ýaş hünärmenleriň esasy wezipesi bolup durýar. Ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize hem-de Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.