Täzelikler
607
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary şäherindäki okuw merkezinde täze açylan okuw bölüminiň çäklerinde geçen bir ýylyň dowamynda konserniň kärhanalarynda hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologik gözleg ekspedisiýalarynda zähmet çekýän 630 hünärmen we işçi ýokary derejeli taýýarlyk okuw kurslaryny üstünlikli tamamlady.
Okuwa gatnaşýan diňleýjiler häzirki zaman burawlama tehnologiýalaryny, tebigy gazy işlemegiň usullaryny özleşdirýärler we iň täze enjamlar bilen işlemek boýunça amaly başarnyklary edinýärler.
Okuw bölüminiň ýolbaşçysy Baýmyrat Ýagmyrowyň habar bermegine görä, ýakyn günlerde ýurduň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» käniniň binýadynda häzirki zaman kebşirleme usullary, şol sanda argon bilen kebşirlemek boýunça amaly sapak geçirildi. Geljekki meýilnamalaryň arasynda sebitde ýerleşýän beýleki kärhanalaryň esasynda amaly okuwlaryň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň okuw merkezindäki bu täze okuw bölümi geçen ýyl Mary welaýat nebit-gaz orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda açyldy.
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
© 2025 Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan.