MAGTYMGULY ADYNDAKY TÜRKMEN DÖWLET UNIWERSITETI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:
I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
- Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
- Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika; astronomiýa).
- Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
- Himiýa (hünär: himiýa).
- Yeri öwreniş ylymlary (hünärler: geografiýa; kartografiýa; meteorologiýa; ekologiýa).
- Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
- Filosofiýa, etika we dini öwreniş (hünär: filosofiýa).
- Ylahyýet (hünär: ylahyýet).
- Syýasy ylymlar we sebiti öwreniş (hünärler: syýasaty öwreniş; Gündogary öwreniş).
- Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; nemes dili we edebiýaty; fransuz dili we edebiýaty; italýan dili we edebiýaty; arap dili we edebiýaty; türk dili we edebiýaty; pars dili we edebiýaty; hytaý dili we edebiýaty).
- Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we maglumat-kitaphana işi (hünär: žurnalistika).
II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
- Matematika we mehanika (hünärler: matematika; amaly matematika we informatika).
- Fizika we astronomiýa (hünärler: fizika; radiofizika we elektronika).
- Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary).
- Biologiýa ylymlary (hünär: biologiýa).
- Himiýa (hünär: himiýa).
- Psihologiýa ylymlary (hünär: psihologiýa).
- Taryh we arheologiýa (hünärler: taryh; arheologiýa).
- Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (hünärler: türkmen dili we edebiýaty; iňlis dili we edebiýaty; rus dili we edebiýaty).
- Hukuk işi (hünär: hukuk öwreniş).
III. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):
- Sosiologiýa we durmuş işi (taýýarlygyň ugry: durmuş işi).
IV. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: pedagogika bilimi (matematika we informatika); pedagogika bilimi (informatika we bilimde maglumat tehnologiýalary); pedagogika bilimi (geografiýa we ykdysadyýetiň esaslary)).
Uniwersitete umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,