Aşgabat
Täzelikler
3103
HALKARA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER UNIWERSITETI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça bilim ulgamlarynyň aşakdaky ulaldylan toparlaryna talyplyga kabul edýär:
Ulaldylan toparlar:
Umumy düzgünler:
Resmi iş kagyzlarynyň kabul edilişi:
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň binasynda) 2025-nji ýylyň 14 — 27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Gerekli resminamalaryň sanawy:
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglarynyň möhletleri:
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat şäherinde (Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň binasynda) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Giriş synaglary geçirilýän dersler:
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Degişli dil boýunça geçilýän derslerden başga ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet ýa-da iňlis dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Görogly köçesi, 185.
(Resminamalary kabul ediş nokadynyň salgysy: Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň binasy, tel: 39-16-62).
744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly